Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB migrantlar meselesini maslahat edýär


ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini, Luksemburg, 20-nji aprel, 2015
ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini, Luksemburg, 20-nji aprel, 2015

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini, üsti ýüzlerçe migrantly gämi Liwiýanyň kenarynda agdarylansoň, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary maslahatynda Afrikadan we Ýakyn Gündogardan Ýewropa migrasiýa ýoly meselesiniň gozgaljakdygyny aýtdy.

BMG-niň bosgunlar boýunça baş komissary 700 adamy Ýewropa alyp barýan uly gäminiň 18-nji aprelden 19-na geçilýän gije Ortaýer deňzinde agdarylandan soň 50 çemesi adamynyň gark bolmakdan halas edilendigini aýtdy.

Halas edijiler Italiýanyň Lampedusa adasynyň golaýynda adamlary suwdan çykaranda, azyndan 20 çemesi adamynyň jesedi hem deňizden tapylyp alyndy.

Maltanyň premýer-ministri Josef Muskat halas ediji toparlaryň “suwda gaýyp ýören jesetleriň arasynda diri adamlary tapmaga synanyşýandyklaryny” aýtdy.

Eger ýüzlerçe adamyň ölendigi tassyklansa, bu Ortaýer deňzinde bolan şeýle heläkçilikleriň iň erbedi bolup, Ýewropa barýarka gark bolanlaryň sanyny şu ýyl 1500 adama ýetirip biler.

Amnesty International wakany öňünden çak edip boljak “adam faktory” sebäpli bolan betbagytçylyk diýip atlandyrdy.

Mogherini “Ýewropa Bileleşiginiň şeýle betbagytçylyklara dogry çemeleşmegi üçin edil häzir gaýragoýulmasyz bir pursatdyr” diýip belledi.

Öňüni almak boýunça tagalla

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holand Ýewropa Bileleşiginiň şeýle wakalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça has köp tagalla etmelidigini aýtdy.

Ol 19-njy aprelde eden çykyşynda halas ediş we hadysalaryň öňüni alyş tagallalary üçin has köp gämilerden we uçarlardan gözegçilik edilmeginiň we adam gaçakçylygyna garşy has güýçli göreşiň zerurdygyny belledi.

Holand “Ortaýer deňzi biz üçin Afrika bilen Ýewropanyň arasyndaky umumy deňiz, şonuň üçin biz hereket etmeli” diýdi.

Şwesiýanyň adalat we migrasiýa ministri Morgan Johansson “Ýewropa Bileleşiginiň has köp ýurdunyň bosgunlar meselesine jogapkärçiligi öz üstüne almalydygyny aýtdy.

Awstriýanyň daşary işler ministri Sebastian Kurz 20-nji aprelde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Lýuksemburga barmagynyň yz ýany eden çykyşynda “bize ilkinji nobatda bosgunlar merkezleri gerek. Biz başda adamlary ölüm ýolundan saklamaly. Biz adam gaçakçylaryna garşy göreşmeli” diýdi.

Ozalky wakalar

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň sanlaryna görä, şu ýyl Afrikadan we Ýakyn Gündogardan 20 müň çemesi migrant Italiýa barypdyr.

Emma 400 çemesi migrant geçen ýylda ýene bir gäminiň gark bolmagy zerarly heläk boldy.

19-njy aprelde papa Fransis dünýä ýurtlaryny “şeýle betbagtçylyklaryň gaýtalanmazlygy üçin netijeli we tiz hereket etmäge” çagyrdy.

Ýewropa aşmak isleýän migrantlardan ullakan töleg alýan adam gaçakçylarynyň guramaçylygynda amala aşyrylýan gämi gatnawlary Liwiýada ýola goýulýar. Bu gämiler Liwiýa, Müsür, Tunis ýaly Demirgazyk Afrika ýurtlaryndan, şeýle-de Siriýadan Ýewropa adam daşaýarlar.

Migrantlaryň köpüsi Ýewropada iş gözleýärler ýa-da Afrikadaky konfliktlerden gaçyp gutulmaga synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG