Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibir: Ýangynynda 34 adam öldi


Russiýanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edarasynyň başlygy Sibiriň käbir böleklerine ýaýran we Hakasiýa regionynda birnäçe şäherçäni ýok eden tokaý ýangynynda 34 adamyň ölendigini we başga-da 7 500 sanysynyň ýaralanandygyny aýtdy.

Prezident Wladimir Putiniň Hakasiýa edýän saparynyň dowamynda çykyş eden Russiýanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Wladimir Puçkow ýangynda, 1 400 çemesi jaýyň ýumrulandygyny we 5 müň adamyň öýsüz galandygyny aýtdy.

Putin jaýlary ot alan adamlaryň bolýan lagerine baryp, ähli dikeldiş we gaýtadan bejeriş işleriniň 1-nji sentýabra çenli tamamlanjakdygyny aýtdy.

Puçkow tokaý ýangynynyň döremeginde “adaty bolmadyk howa çalyşyklarynyň” hem-de ýerli ýaşaýjylaryň oty we zir-zibilleri otlamagynyň jogapkärdigini aýtdy. Bu sebitde daýhanlar gyşyň yzýany, ekin meýdanlaryny arassalamak üçin ýygy-ýygydan guran otlary otlaýarlar.

XS
SM
MD
LG