Sepleriň elýeterliligi

Içerki awiauçuşlar gymmatlady


“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň awiabiletleriniň bahalarynyň gymmatladylmagynyň sebäpleri barada resmi düşündüriş berilmeýär.

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň awiabiletleriniň bahalarynyň gymmatladylmagynyň sebäpleri barada resmi düşündüriş berilmeýär.

Türkmenistanda “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasy içerki awiareýsleriň bahalaryny ýokary galdyrdy. Paýtagtyň awiakassasynda berlen maglumatlara görä, içerki awiareýsleriň bahalary 14-nji aprelden gymmatladyldy. Awibiletleriň bahalary 8-12 manat aralygynda gymmatlaýar.

Mysal üçin, mundan ozal paýtagtdan Balkanabada bir tarapa awiabilediň bahasy 47 manat bolan bolsa, indi 55 manat tölemeli. Türkmenbaşa bir tarapa awiabilediň bahasy öň 65 manat bolan bolsa, indi 77 manat tölemeli.

“Türkmenhowaýollarynyň” içerki awiareýsleriniň awiabiletleriniň gymmatladylmagynyň sebäbi barada resmi metbugatda hiç hili habar berilmedi. Hatda awiýakompaniýanyň öz awiakassalarynda hem bu barada ýörite bildirişler asylmandyr. Bu barada diňe awiakassalaryň kassirlerinden maglumat alyp bolýar.

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň awiabiletleriniň bahalarynyň gymmatladylmagynyň sebäpleri barada hem resmi düşündüriş berilmeýär. Bu kompaniýanyň awiakassalarynda hem gymmatlaşygyň sebäpleri barada takyk düşündiriş alyp bolmaýar. Kassirleriň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, awiabiletleriň bahalarynyň ýokary galmagy türkmen manadynyň amerikan dollaryna görä hümmediniň peselmegi bilen bagly.

Amerikan dollarynyň türkmen manadyna bolan kursunyň 21% ýokary galmagy bilen şu ýylyň ýanwar aýynda “Türkmenhowaýollarynyň” daşary ýurt reýsleriniň biletleriniň bahalary hem ýokary galdy. Awiabiletleriň bahalary dollaryň täze kursy, ýagny 1 dollar = 3,50 manat derejesindäki gatnaşyk boýunça kesgitlendi.

Onsoň, eger öň Stambula iki tarapyna bilediň bahasy 1240 manat bolan bolsa, ýylyň başyndan ol baha 1527 manada çykdy. Öň Dubaýa uşmak üçin awiabilediň bahasy 720 manat bolan bolsa, häzir ol ýere gidip gelmek üçin 890 manat tölemeli. Şol bir wagtda hem awiabiletleriň dollardaky bahalary üýtgewsiz galdy.

Beýleki jemgyýetçilik transporty

Ýeri gelende belläp geçsek, ýurduň ýolagçy transport gatnawyndaky bahalaryň ýokary galmagy diňe bir ýokardakylar bilen çäklenmeýär. Geçen ýylyň noýabr aýynda otly we şäherara awtobus gatnawy üçin hem ýol biletleriniň bahalary ýokary galdy.

Otly biletleriň bahasy iki esse dagy ýokary galan bolsa, şäherara awtobusyň biletleriniň bahasy 50% ýokary galdy.

Häzirki awiabiletleriň bahalarynyň näme üçin ýokary galdyrylýandygy barada bildiriş ýa-da düşündiriş berilmeýşi ýaly otly we awtobus nyrhlarynyň ýokary galdyrylandygy barada hem köpçülikleýin habar serişdelerinde hiç hili resmi habar ýa-da düşündiriş berilmedi.

Soňky 4 ýylyň içinde “Türkmenhowaýollarynyň” içerki reýsleriniň biletleriniň bahalary ikinji gezek ýokary galdyrylýar. Bu kompaniýanyň içerki reýsleriniň awiabiletleriniň bahalary 2012-nji ýylyň iýul aýynda hem ýokary galdyrylypdy.

XS
SM
MD
LG