Sepleriň elýeterliligi

Medwedew: Sanksiýalar zerarly ykdysadyýet gowşaýar


Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalarynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň 25 milliard ýewro çemesi zyýan çekendigini aýdyp, bu görkezijiniň şu ýylyň dowamynda “mundan birnäçe esse köp” bolup biljekdigini belledi.

Russiýanyň ykdysadyýeti boýunça parlamente beren ýyllyk hasabatynda Medwedew, Russiýanyň Umumy içerki önüminiň ösüşi 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde 2%-e çenli pese gaçdy diýdi.

2014-nji ýylda nebitiň bahasynyň ýiti pese gaçmagy we Moskwanyň Ukraina goşulyşmagy sebäpli Günbataryň girizen sanksiýalary, Russiýanyň ykdysadyýetine we rus rublyna ýiti täsir ýetirdi.

Şeýle-de, Medwedew Russiýanyň sanksiýalardan çeken zyýany “uly, biz muny gizlemeris” diýdi.

XS
SM
MD
LG