Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-owgan serhedi: Ilat serhetýaka 'gaçdy'


Çagalar söweşiň bolýan ýerinden gaçyp barýarlar.
Çagalar söweşiň bolýan ýerinden gaçyp barýarlar.

Owganystanyň Badgys welaýatyna degişli Marçak etrabyna mundan bäş gün ozal söweşijiler tarapyndan hüjüm edilipdir. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, wakada ýerli ilatdan ölen we ýaralylar hem bolupdyr.

Badgys welaýatynyň welaýat geňeşiniň ýolbaşçysy Bahauddyn Kaidisi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, ýerli howpsuzlyk güýçleri bilen söweşijileriň arasynda çaknaşyklaryň henizem dowam edýändigini tassyklap şeýle diýdi:

“Men welaýatyň serhet güýçleriniň edarasy bilen habarlaşdym, olar maňa Marçakda boldy diýilýän şol wakany tassykladylar, çaknyşyklaryň henizem dowam edýändigini aýtdylar. Marçakda harbylar Heratdan howa güýçlerini kömege çagyrypdyrlar”.

Badgys welaýatynyň Marçak etraby Türkmenistan bilen serhetleşýär. Şol çaknyşyklaryň netijesinde Marçagyň ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýaşaýjysynyň obanyň käbir böleklerini terk edip Türkmenistan bilen Owganistanyň arasyndaky serhet zonasyna gaçyp barandygy aýdylýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, olar serhetdäki tokaýlykda saklanýarlar, olaryň ýanynda uruşda ölen we ýaralanan adamlar hem bar. Hatda olardan bir böleginiň Murgap derýasynyň Türkmenistan tarapyna geçenleri hem bolupdyr.

Kabuldaky habaçymyz Şaýymmerdan guly Myrady, bu barada Marçagyň ýaşaýjylaryndan Durdymyrat bilen söhbetdeş bolup, waka bilen jikme-jigi bilen gyzyklandy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:56 0:00

XS
SM
MD
LG