Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew: Sanksiýalaryň täsiri uly


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew, Moskwa, 21-nji aprel, 2015
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew, Moskwa, 21-nji aprel, 2015

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalarynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň 25 milliard ýewro çemesi zyýan çekendigini aýdyp, bu görkezijiniň şu ýylyň dowamynda “mundan birnäçe esse köp” bolup biljekdigini belledi.

Medwedew “Girizilen çäklendirmelerden gelen ýitgiler uly, muny gizlemeris. Birnäçe ekspertleriň çaklamalaryna görä, Orsýete, umuman, 25 milliard ýewro möçberde zyýan ýetirildi. Bu umumy içerki önümçiligiň çen bilen 1,5%-ni emele getirýär. 2015-nji ýylda bu [ýitgiler] birnäçe esse ýokarlanyp biler” diýip, öz çykyşynda nygtady.

Orsýetiň ykdysadyýeti boýunça parlamente beren ýyllyk hasabatynda Medwedew Orsýetiň umumy içerki önümçiliginiň ösüşiniň 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde 2%-e çenli pese gaçandygy aýtdy.

2014-nji ýylda nebitiň bahasynyň görnetin pese gaçmagy we Moskwanyň Ukrainanyň içki işlerine goşulmagy sebäpli Günbataryň girizen sanksiýalary Orsýetiň ykdysadyýetine we rus rubluna ýiti zarba urdy.

Medwedewiň Orsýetiň ykdysady kynçylyklarynyň güýçlenmegi baradaky bu çykyşy prezident Putiniň 16-njy aprelde eden çykyşynda ykdysadyýetiň “has ýaramazlaşandygy” bilen bagly kommentarisinden has açyk we güýçli boldy.

Medwedew Orsýetiň Ýewropa Bileleşigi, ABŞ we beýleki ýurtlar tarapyndan Moskwanyň garşysyna onuň Ukrainanyň içki işlerine goşulmagy sebäpli girizen sanksiýalaryndan çeken zyýanynyň “örän uly” bolandygyny we mundan beýläk has erbetleşip biljekdigini aýtdy.

Medwedew “Orsýetiň Sowet Soýuzy dargandan soňky taryhynda, belki-de, 20-nji asyryň taryhynda sowet hem postsowet döwürlerinde biziň ýurdumyz ilkinji gezek birbada iki sany ullakan daşarky sarsgyna: nebitiň bahasynyň çürt-kesik peselmegine we öň görülmedik derejede sanksiýalar arkaly basyşlara uçrady. Bir wagtda şeýle kynçylyklaryň toplumy bilen biz hiç haçan ýüzbe-ýüz bolmandyk” diýmek bilen Orsýetiň örän düýpli ykdysady kynçylyklara uçrandygyny boýun aldy.

Medwedew, eger ýagdaý ýaramazlaşsa, onda Orsýet başga ykdysady reallyklara öwrenişmeli bolar diýip belledi.

1-nji aprelde Dünýä Banky Orsýetiň ykdysadyýetiniň şu ýyl uly çökgünligi başdan geçirmeginiň ähtimaldygyny çaklady we pese gaçyslygyň 3,8 %-e barabar boljakdygyny öňe sürdi. Dünýä banky muny nebitiň bahasynyň pese gaçmagy we girizilen sanksiýalaryň Orsýetiň ykdysadyýetine duýarlykly täsir ýetirip başlamagy bilen baglanyşdyrdy.

XS
SM
MD
LG