Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda zenanlar nähili durmuşda ýaşaýarlar?


Türkmenistanda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň birine gatnaşýan zenanlar.

Türkmenistanda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň birine gatnaşýan zenanlar.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Gallup”sosiologik barlaglar merkezi mart aýynda “aýallaryň iň bagtly we bagtsyz ýaşaýan ýurtlary” barada ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Bu hasabat dünýäniň dürli ýurtlarynda zenanlaryň ençemesi bilen geçirilen pikir soralyşyklar esasynda taýýarlanyldy.

Hasabatda Islandiýa, Şwesiýa, Daniýa ýaly ýokary girdejili ýurtlarda ýaşaýan zenanlar öz durmuşlaryny “gülala-güllük” diýip häsiýetlendirýärler. Owganystan, Ermenistan, hat-da Türkiýe ýaly ýurtlarda ýaşaýan zenanlar bolsa özleriniň “azap içinde” ýaşaýandygyny öňe sürýärler.

Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanda zenanlar nähili durmuşda ýaşaýarlar? Näme üçin?

Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şu tema barada söhbetdeşlik geçirmekçi. Bu baradaky pikir-garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir böleginde galdyryp bilersiňiz. Öz garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, biziň metbugat@gmail.com email adresimize hat ugradyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG