Sepleriň elýeterliligi

“Talyban” ýazky hüjümlerini yglan etdi


Owganystandaky “Talyban” hereketi 24-nji aprelden başlap söweşiji toparyň ýyllyk ýazky hüjümlerine başlajakdygyny yglan etdi.

“Talyban” hereketi 22-nji aprelde metbugat serişdelerine ugradan beýanatynda “ýazky operasiýalar ylham beriji ‘Azm’, ýagny ‘Aýgytlylyk’ ady bilen 2015-nji ýylyň 24-nji aprelinde ir säher bilen sagat 5-de başlar” diýilýär.

Beýanatda “bu operasiýalarda esasy nyşana alynjaklar – daşary ýurt basybalyjylary, ylaýtada olaryň hemişelik harby bazalary... oýnatgy režimiň resmileri, olaryň harby ýyldyzlar topary, hususanda olaryň gizlin gulluklary, Içeri işler we Goranmak ministrliginiň resmileri” bolar diýlip nygtalýar.

Geçen ýylyň ahyrynda Owganystandaky daşary ýurt goşunynyň aglabasy ýurdy terk edensoň, häzirki wagtda owgan güýçleri “Talybana” garşy ýekelikde göreş alyp barýar.

1-nji ýanwarda NATO-nyň liderliginde başlan täze missiýa bolsa, esasan owgan howpsuzlyk güýçlerine tälim bermäge gönükdirilendir.

Bu missiýa 12 müň çemesi harby, şol sanda 9 800 amerikan esgeri gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG