Sepleriň elýeterliligi

Rus fizigi gizlin maglumaty aýan etmekde aýyplanýar


Orsýetli ýadro fizigi Pragada geçirilen ylmy konferensiýa döwründe gizlin maglumaty aýan etmekde şübhelenilip tussag edildi.

Wladimir Golubewiň aklawçysy Ýewgeniý Gubiniň 22-nji aprelde beren maglumatyna görä, onuň müşderisi gijäň ýary Sarow şäherinde tussag edilipdir. Bu şäher Nižniý Nowgorod regionyndaky ýadro barlag merkezidir.

Gubin öz müşderisiniň deslapky tussaglykda saklanylmagyny şikaýat etmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Russiýanyň derňewçileri 66 ýaşly Golubewiň, 2013-nji ýylda Çehiýa respublikasynda geçirilen halkara konferensiýada gizlin maglumaty aýan edendigini belleýärler.

Sarow şäherindäki Federal ýadro merkeziniň pensiýa çykan işgäri Golubew özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG