Sepleriň elýeterliligi

Ak tam 'genosid' sözüni ulanmaýar


Ak tam Osman imperiýasy döwründe etniki ermenileriň öldürilmeginiň 100-nji ýyldönümine iki gün galanda, bu wakany häsiýetlendirmek üçin “genosid” sözüni ulanmakdan saklandy.

Ak tamyň ýaýradan beýanatynda berilýän maglumata görä, 21-nji aprelde ABŞ-nyň ştab başlygy Denis Makdono (Denis McDonough) we milli howpsuzlyk boýunça başlygyň orunbasary maslahatçy Ben Rods (Ben Rhodes) ermeni-amerikan liderleri bilen duşuşypdyr. Beýanatda bu duşuşykda olar “pajygaly döwürde öldürilen 1,5 million adamyň hormatyna bu wakanyň ähmiýetini maslahat etdiler” diýilýär.

Amerikadaky Ermeni milli komitetiň ýerine ýetiriji direktory Aram Hamparianyň aýtmagyna görä, gürrüňi gidýän duşuşykda resmiler Hampariana we beýleki adamlara Barak Obamanyň etniki ermenileriň öldürilmegi bilen baglanyşykly wakanyň ýyldönüminde, ýagny 24-nji aprelde etjek çykyşynda “genosid” sözüni ulanmajakdygyny mälim edipdirler.

1915-nji ýylda Osman imperiýasy tarapyndan 1,5 million ermeniniň öldürilmegi we deportasiýa edilmegi ençeme taryhçy we birnäçe döwlet tarapyndan genosid diýlip häsiýetlendirilýär.

Türkiýe muny ret edip, bu wakada ölen ermenileriň sanynyň azdygyny öňe sürýär. Ankara olaryň Osman hökümeti tarapyndan bilkastlaýyndan planlaşdyrylyp öldürendigini hem ret edip, heläk bolanlaryň jemgyýetde dörän çaknyşyklar sebäpli ölendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG