Sepleriň elýeterliligi

ŞHG Gyrgyzystanda harby türgenleşik çärelerini geçirýär


Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň ýörite güýçleri Gyrgyzystanda bilelikdäki harby türgenleşik çärelerini geçirýärler.

Gyrgyz Goranmak ministrliginiň 22-nji aprelde beren maglumatyna görä, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň we Täjigistanyň harby birleşmeleri 21-nji aprelde Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Tokmok şäheriniň golaýynda ýerleşýän Şamsi Gorge sebitinde dört gün dowam etjek harby türgenleşiklere başladylar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza beýleki bir ýurt, ýagny Özbegistan bu harby türgenleşik çärelerine gatnaşmaýar.

Gyrgyz ministrliginiň maglumatyna görä, bu harby türgenleşik ýapyk binanyň içindäki we açyk meýdandaky bikanun ýaragly toparlara we terrorçylara garşy göreşmek hem-de zamun alnan adamlaryň aman boşadylmagyny gazanmak çärelerini öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG