Sepleriň elýeterliligi

Çoganly: Netijeler


Häzir Çoganlynyň daçalygy gurluşyk materiallarynyň uly bazaryny ýadyňa salýar.

Häzir Çoganlynyň daçalygy gurluşyk materiallarynyň uly bazaryny ýadyňa salýar.

Çoganlynyň daçalaryny sökmek işleriniň dowam edýän pursaty, bu ýagdaýlar bilen belli bir derejede ilteşigi bolan wakalar hem orta çykdy.

Gurluşyk bazary

Häzir Çoganlynyň daçalygy gurluşyk materiallarynyň uly bazaryny ýadyňa salýar. Obanyň içinde gurluşyk materiallaryny satýan adamlary görmek bolýar. Olar bu ýerdäki jaýlary arzan bahadan satyn alyp, olary öz işgärlerine sökdürýärler.

Bu ýerdäki jaýlaryň iň arzany 1,5 müň dollar bolup, iň gymmatlarynyň bahasynyň 5-6 müň dollardan geçmeýändigini söwdagärleriň käbirleri aýdýarlar. “Iki etažly birnäçe otagly uly jaýlary 5 müň dollara satýarlar diýäýmeseň, galan jaýlary 2-2,5 müň dollara satyn alyp bolýar” diýip, maryly Mämmet gürrüň berýär.

Mämmet bu ýere söwda etmäge gelenleriň biri. Onuň işgärleri Mämmediň satyn alan jaýyny söküp, gurluşyk materiallaryna öwürýärler. “Bular Mara, Daşoguza, Türkmenabada äkidilip satylýar. Bärik Balkandan gelenlerem bar” diýip, maryly Mämmet üýşüp ýatan gurluşyk materiallaryny görkezýär.

Bu gurluşyk materiallaryny gerekli ýerine äkidip bermäge taýýar bolup duran ýük awtoulaglary hem daçalygyň her bir köçesiniň başynda görmek bolýar. Bu ýerde ýeňil ýük awtoulaglar bilen birlikde uzyn treýlerler hem bar. Agyr ýüki götermek üçin kranlar hem öz müşderilerine garaşyp durlar.

Sökülen jaýlardan galan gurluşyk materiallary daçalygyň içinde hem satyn alsa bolýar. Käbir sökülen jaýlaryň ýerinde örülip goýlan kerpiçleri, tagtalary, penjireleridir, gapylary görmek bolýar. Öň ulanylan bu gurluşyk materiallaryny örän arzan saty alsa bolýar. Mysal üçin, bir penjiräni 20-30 manada, gapyny 30-40 manada satyn alyp bolýar.

Arenda

Çoganlynyň daçalygynyň sökülmeginiň yz ýany bilen paýtagtyň beýleki etraplaryndaky jaýlaryň arenda nyrhlary ýokarlandy. Belläp geçsek, Çoganlynyň daçalary ozal kireýine ýaşamak üçin Aşgabadyň çägindäki iň arzan ýerleriň biri hasaplanýardy. Bärde bir ýeri aýyna 60 manada hem kireýine alyp bolýardy. Bir aýlyk kireý tölegi ortaça 100 manatdan ýokary bolmaýardy.

Şol sebäpden welaýtlardan gelip işleýän işçi migrantlaryň köpüsi bu ýerde ýaşaýardylar. Häzir olar paýtagtyň beýleki raýonlaryndan kireýine ýaşaýyş jaýlaryny tapmaly bolýarlar. Olaryň käbirleri paýtagtyň Hitrowka, Berzeňňi ýaly raýonlaryna gidýän bolsalar, käbirleri Şordaky daçalyga barýarlar. Emma Çoganlyny terk etmäge mejbur bolan ildeşlerimiz paýtagtyň özünde we golaý-goltumdaky beýleki etraplarda jaý kireýiniň gymmatdygyny aýdýarlar.

“Mundan ozalam Çoganlydakydan gymmatdy. Häzir bolsa hasam gymmatladýarlar. Häzir paýtagtdaky käbir raýonlarda jaý kireý tölegi azyndan 40 mant ýokary galdy. Sebäbi Çoganly ýumrulansoň, başga arzan ýer ýok” diýip, daşoguzly gurluşykçy Oraz aýdýar.

Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşen Çoganly daçalygy paýtagt boýunça iri raýonlaryň biri diýse hem boljak. Bu ýerde 13 müň töweregi daça uçastogy bolup, olarda müňlerçe adam ýaşýardy.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG