Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gelinleriň dokumentsiz çagalary


Eje çagasy bilen
Eje çagasy bilen

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň dürli ýurtlaryň raýatlary bilen edilýän nikalar köpeldi. Elbetde bu ýagdaý dürli problemalary hem ýany bilen getirdi.

Diňe Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly zenanlary göz öňüne tutup aýdanymyzda, olaryň uly bir bölegi ýurtda birugsat ýaşaýarlar. Şunlukda, ýurda barsa, deport ediljeginden alada edip olaryň arasynda uzak wagtdan bäri Türkmenistana gitmeýärleri-de bar.

Soňky bir näçe aýlykda Türkmenistanyň biometrik pasporta geçmegi we şol pasportyň diňe Türkmenistanda çalyşyp boljagy baradaky karar bolsa, daşary ýurtlarda bikanun ýaşaýan türkmen raýatlarynyň durmuşyny hasam kynlaşdyrdy.

Şeýle çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli olaryň daşary ýurtda durmuşa çykyp dünýä inen çagalaryna türkmen dokumenti berilmeýär we ýaşaýan ýurdunuň dokumentini almakda hem olar dürli kynçylyklary başdan geçirýärler.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda daşary ýurtlardaky türkmenistanly maşgalalaryň dürli býurokratik päsgelçilikler sebäpli watansyz galan çagalarynyň ykballaryny ele alýar.

Hemmeleri bu temadaky gepleşige gatnaşmaga, bilýän maglumatlary bilen bir hatarda bellikdir-tekliplerini hem teswir görnüşinde halk köpçüligine ýetirmäge çagyrýarys. Habarlaşmak üçin biziň elektronik hat salgymyz hat@azatradio.org

XS
SM
MD
LG