Sepleriň elýeterliligi

Çoganly: Resmileriň ýumurmak 'talaby bikanun'


Resmileriň ýumurmaga görkezme beren jaýlarynyň biri, Çoganly

Resmileriň ýumurmaga görkezme beren jaýlarynyň biri, Çoganly

Aşgabadyň golaýyndaky Çoganly posýologynyň ýaşaýjylaryna olaryň jaýlarynyň 1-nji iýuna çenli ýykylmajagy ýerli häkimiýetler tarapyndan wada berlipdi, şol bir wagtda-da posýologyň ýene bir böleginiň ýaşaýjylaryna ýaňy-ýakynda resmi talap hatlary paýlandy. Hatda ýaşaýjylardan öz jaýlaryny bäş günüň dowamynda sökmek talap edilýär. Azatlyk Radiosy Çoganlynyň ýaşaýjylaryna berlen resmi talap hatynyň Türkmenistanyň kanunlaryna näderejede gabat gelýändigi bilen gyzyklanyp, türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhine ýüzlendi.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, Çoganlynyň ýaşaýjylaryna gowşurylan talapnamada jaýlary ýykmak, ýer parçasyny gurluşyk zibillerinden arassalap, öňki ýagdaýyna getirmek talap edilýär. Bu talapnamanyň düzülişi we öňe sürülýän talaplar türkmen kanunlaryna näderejede gabat gelýär?

Ýewgeniý Greçuhin: Talapnamanyň formasy kanunyň talaplaryna gabat gelmeýär. Näme üçin? Birinjiden, şeýle kagyza baş hünärmen gol çekmeli däl. Eger şeýle resminama häkimiýet organyndan gelip çykýan bolsa, ýagny Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň biri tarapyndan ýollanýan bolsa, onda gerbli möhür bolmaly. Emma kagyza şeýle möhür basylmandyr, sebäbi gerbli möhür hiç wagt baş hünärmeniň golunyň üstüne basylmaýar. Möhür basmak üçin hiç bolmanda etrabyň häkiminiň goly bolmaly. Üstesine, baş hünärmeniň adamlaryň jaýlaryny ýykmagyny talap etmäge ygtyýary ýok.

Ýaşaýjylara gowşurylan talapnama

Ýaşaýjylara gowşurylan talapnama

Bu ýerde ýene bir möhüm mesele bar, Türkmenistanda ýerden peýdalanmak, ýer paýlamak ýaly meseleler şäher häkimliginiň garamagynda. Talaba laýyk düzülen talapnamada edilýän talabyň näme esasynda öňe sürülýändigi aýdylmaly, ýagny talapnamada raýata näme sebäpli, haýsy kanunyň esasynda öz jaýyny ýykmak teklip edilýändigi jikme-jik düşündirilmeli. Bu prezidentiň permany bolmaly, ýa-da Mejlisiň karary bolmaly, ýa-da hiç bolmanda Aşgabat şäheriniň häkiminiň permany bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda talaba laýyk düzülen talapnamanyň resmi derejede ykrar edilen belli bir nusgasy barmy?

Ýewgeniý Greçuhin: Bu dokumentde olar resmi kararyň kabul edilen wagtyna, onuň hasaba alnan nomerine, onuň resmi adyna salgylanmaly, ýagny şeýle esasda kabul edilen şeýle permana laýyklykda diýlip, edilýän talap delillendirilmeli we Türkmenistanyň takyk kanuny, onuň kabul edilen wagty, maddasy, bölümi jikme-jik görkezilmeli. Üstesine, her bir resmi hatda takyk bir adamyň ady, onuň adresi, onuň haýsy adresdäki ýeri boşatmalydygy, kadastr nomeri görkezilmeli. Edlimizdäki bu häzirki kagyzyň bolsa kanun taýdan hiç bir güýji ýok. Ol Türkmenistanyň kanuny düzgünlerine düýpden gabat gelenok.

Azatlyk Radiosy: Şeýle talapnamalary alan adamlar kanun taýdan näme etmeli?

Ýewgeniý Greçuhin: Men şeýle adamyň özüne gowşurylan talapnama bilen ýuristiň ýanyna baryp, geňeşmeginiň tarapdary. Çoganlydaky uçastoklar 1980-nji ýyllarda daça gurluşyklary üçin niýetlenipdi, soň mellekleriň bir adamdan beýleki biriniň eline geçmegi we ýene-de beýleki ýagdaýlar döredi. Muňa garamazdan, olaryň ählisi diýen ýaly inwentar hasapdan geçirilipdi. Aşgabat şäheriniň tehniki inwentarizasiýa býurosynda hasaba goýlupdy. Bu edara bolsa Aşgabat şäher häkimliginiň garamagynda. Şeýdip, döwlet bu mellekleri belli bir derejede resmi derejede ykrar edipdi. Üstesine, mellekleri hasaba goýmak bilen meşgullanan Bagbançylyk bileleşigi-de resmi edara bolup, kanun esasynda işläpdi. Bu zatlaryň ählisi adamlaryň melleklerden kanun esasynda peýdalanandygyny aňladýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG