Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: 21 şahtaçy heläk boldy


Hytaýyň hökümet resmileri ýurduň demirgazygynda käni suw almagynyň netijesinde 21 şahtaçynyň heläk bolandygyny 23-nji aprelde aýtdy.

19-njy aprelde agşam Datong şäheriniň golaýynda Jiangjiawan känine suw inende 247 şahtaçy ýeriň astynda işleýärdi. Olardan 223 şahtaçy zyýansyz saplandy, üç adam keselhanada galýar.

Halas ediş işlere 600 çemesi halas ediji gatnaşdy.

Deslapky derňewlere görä, käniň içine onuň daşynda ýygnanan suwuň inen bolmagy ähtimal.

Hytaý soňky ýyllarda känleriň howpsuzluk ýagdaýyna ünsi artdyrdy, emma magdançylyk dünýäde iň howply senagat ugurlarynyň biri bolmagyna galýar.

XS
SM
MD
LG