Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ABŞ-nyň Ukraina esger ibermegini ýazgardy


ABŞ-nyň harbylary, Lwiw, 20-nji aprel, 2015

ABŞ-nyň harbylary, Lwiw, 20-nji aprel, 2015

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň harbylarynyň Ukrainanyň milli gwardiýasyny türgenleşdirmek boýunça programmasynyň Gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada halkara araçylygynda gelnen ylalaşygy bozýandygyny ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerrä aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligine görä, Lawrow bu aýyplamalaryny 22-nji aprelde Kerri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde aýdypdyr. ABŞ muny ret edýär.

ABŞ-nyň 300 çemesi desantçysy Ukrainanyň günbataryndaky Lwiw regionynda 20-nji aprelde resmi derejede başlanan türgenleşiklerde ukrain harbylaryny taýýarlaýarlar. Bu regiondan 1000 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän Gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arsynda gidýan söweşler zerarly 6 100 gowrak adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG