Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň Ýemene ýarag bermeginden howatyrlanýar


ABŞ-nyň uçar göteriji USS Theodore Roosewelt gämisi, 21-nji aprel, 2015
ABŞ-nyň uçar göteriji USS Theodore Roosewelt gämisi, 21-nji aprel, 2015

ABŞ-nyň goranmak sekretary Eş Karter Waşingtonyň Eýranyň Ýemene barýan gämileriniň şaýylaryň “Huthi” gozgalaňçylaryna ýarag alyp barmagynyň ähtimaldygyna “aladalanýandygyny” aýtdy.

Eýranyň gämileri Ýemene girmekçi bolan ýagdaýynda ABŞ-nyň olary saklamak niýeti barmy, diýlip 22-nji aprelde žurnalistleriň beren sowalyna Karter “biziň mümkinçiliklerimiz bar” diýip jogap berdi we “biz ol nokada ýetmedik” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de Karteriň aýtmagyna görä, Waşington Tährana “ody tutaşdyrmagyň ýa-da haýsy-da bolsa bir tarapa goşulmagyň makullanmajagyny” duýdurypdyr. Onuň bu çykyşy ABŞ-nyň uçar göteriji USS Theodore Roosewelt gämisiniň Ýemeniň kenarýaka suwlaryna girip, ABŞ-nyň beýleki söweş gämilerine goşulan wagty edildi.

XS
SM
MD
LG