Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Orsýet Ukrainada bilegini güýçlendirýär


Marie Harf, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi

Marie Harf, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi

Birleşen Ştatlar Orsýetiň gündogar Ukrainanyň içine has kän howa goranyş sistemasyny ýerleşdirendigini we separatist güýçlere tälim bermek bilen, atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy bozýandygyny aýdýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Marie Harf bu aýyplamalary 22-nji aprelde, Orsýetiň daşary işler ministri Birleşen Ştatlary Ukrainadaky krizisi we konflikti Orsýet bilen ÝB-niň, hususan-da Germaniýanyň arasyny bozmakda aýyplanynydan soň bildirdi.

“Orsýetiň harbylary gündogar Ukrainanyň içine goşmaça howa gorag sistemalaryny ýerleşdirdi we olaryň birnäçesini serhet liniýalarynyň golaýyna süýşürdi” diýip, Harfyň beýanatynda aýdylýar. Onuň tassyklamagyna görä, bu Orsýetiň gündogar Ukrainadaky gorag enjamlarynyň 2014-nji ýylyň awgustyndan bäri iň köpeldilen wagtydyr.

Çylşyrymly türgenleşik toplumy

Şeýle-de Harf pitneçi güýçleriň geçirýän çylşyrymly türgenleşik toplumynyň tebigaty bu tälim sapaklaryna Orsýetiň goşulandygyna şek-şübhe galdyrmaýar diýdi.

Bu beýanatda Orsýetiň Ukrainanyň gündogaryna agyr ýaraglary ibermek bilen bir hatarda, özüniň serhet ýakasyndaky goşunlaryny hem köpeldýändigi aýdylýar.

"Serhet boýunda degişlilikde durnukly güýçlere eýe bolmak bilen, Orsýet ol ýere goşmaça goşun birikmelerini hem iberýär" diýip, beýanat munuň Orsýetiň serhet boýunda 2014-nji ýylyň oktýabryndan bäri iň kän goşun ýerleşdiren wagtydygyny belleýär.

Harf rus we separatist güýçleriniň fewral aýynda Minskde ýewropalylaryň araçylyk etmeginde baglaşylan ýaraşyk ylalaşygynyň gadagan edýän ýerleriniň çäginde «esli möçberde top böleklerini we raketa atyjylary» saklaýandygyny aýtdy.

15-nji fewralda güýje giren çalamydar ýaraşyk gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen orsýetçi pitneçileriň arasynda barýan we geçen ýyldan bäri 6 müňden gowrak adamy öldüren söweşleri kemeltdi.

Emma ÝHHG-nyň Ukrainadaky ýörite gözegçilik missiýasy geçen hepde soňky günlerde ýaraşyk şertleriniň bozulmagynyň «köp möçberde» artandygyny aýtdy.

Kiýew, NATO, Birleşen Ştatlar we başga-da birnäçe günbatar döwleti Orsýeti uzak wagt bäri separatistlere ýarag we goldaw ibermekde aýyplaýar, emma Moskwa bu aýyplamany ret edýär.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa, Ukrainadaky krizisde oýnaýan roly sebäpli, Orsýete garşy sanksiýalar tapgyryny girizdi we olaryň diňe bir ýagdaýda, Minsk şertnamasynyň düzgünleri berjaý edilen halatynda ýatyryljagyny duýdurdy.

Orsýetiň bähbitleri

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 22-nji aprelde Ukrainanyň bütewiligi we bitaraplygy Orsýetiň iň gowy bähbidi diýdi.

Lawrow Moskwada ýerleşýän «Eho Moskwy», «Goworit Moskwa» we «Sputnik» radiostansiýalary bilen söhbetdeşlikde "Ukrainanyň bölünmezligi biziň bähbidimize. Ony harby-syýasy manyda esasan bitarap saklamak biziň bähbidimize» diýdi.

Şeýle-de Lawrow Birleşen Ştatlary Ukraina krizisini Waşingtonyň, öz sözleri bilen aýdylanda, Orsýetiň ÝB, hususan-da Germaniýa bilen hyzmatdaşlygyny bökdemek babatdaky «strategiki maksadyna» ýetmek üçin ulanmakda aýyplady.

Orsýetiň daşary işler ministri ABŞ-nyň Ukrainanyň harby güýçlerine instruktorlar bilen kömek bermek programmasynyň netijeli boljagyna hem şübhe bildirdi. Ol bu hili synanyşyklaryň Yrakda we Owganystanda üstünlikli bolmandygyny aýtdy.

Şu aýyň başlarynda Birleşen Ştatlardan 300 çemesi desantçy, Ukrainanyň milli gwardiýasyna tälim bermek üçin, günbatar Ukraina geldi. Moskwa bu çäräniň Ukrainadaky ýagdaýy «çynlakaý durnuksyzlaşdyryp biljegini» duýdurdy.

Ukrain esgerlerine tälim berýänleriň arasynda 35 sany britan harbysy hem bar. Mundan başga, Kanada hem ol ýere 200 çemesi instruktor iberjegini yglan etdi.

Lawrow Birleşen Ştatlary, Ýewropada taktiki ýadro ýaraglaryny ýerleşdirmek bilen, ýaraglary ýaýratmazlyk şertnamasyny bozmakda hem aýyplady.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG