Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýada dünýäniň bagtly adamlary ýaşaýar


“Dünýä bagtlylyk hasabaty 2015” atly raportda Şweýsariýa dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan ýurdy saýlandy. Şol bir wagtyň özünde bu hasabatda Owganystanyň ilaty iň bagtsyz halklaryň biri diýlip bellenýär.

Bu hasabatda jemi 158 ýurda baha berlip, onda Azatlyk Radiosynyň gepleşikleri taýýarlaýan regionyndaky ýurtlaryň arasynda Özbegistan iň gowy orny eýeläp, 44-nji ýerde ýerleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde hasabatda Eýran 110, Ukraina 111, Yrak 112, Ermenistan 127 we Owganystan 153 orunlarda ýerleşdirilipdir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş çözgütleri gurmasy tarapyndan 23-nji aprelde çap edilen hasabatda ortaça 2012-2014-nji ýyllar aralygynda tutuş dünýäniň çäginde ýaşaýyş durmuş şertleriniň näderejede tapawutly bolandygy görkezilýär.

Bu hasabat Gallup barlaglar merkeziniň bütindünýäde geçiren pikir soralyşyklaryna esaslanýar. Şeýle-de, bu hasabat her bir ýurduň ykdysady ösüşi, ömür dowamlylygy, jomartlylygy, sosial godawlary, azatlygy we korrupsiýa ýaly görkezijilere esaslanyp taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG