Sepleriň elýeterliligi

Almaty şäherinde köpri ýumruldy


Gazagystanyň Almaty şäherindäki garaýolda gurluşygy dowam edýän köpriniň ýumrulmagy netijesinde 19 gurluşyk işçisi ýaralandy.

Bu waka 24-nji aprelde öýlän wagty ýüze çykdy.

Almatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Nurlan Madiarowyň habarçylara beren maglumatyna görä, halas ediş topary köpriniň harabalygynyň aşagynda galan bolmagy mümkin bir işgäri gözleýär.

Madiarowyň aýtmagyna görä, wakada ýaralanan 19 işçi keselhana ýerleşdirildi. Olaryň üç sanysynyň saglyk ýagdaýynyň agyrydygy habar berilýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň wakanyň bolan ýerinden berýän maglumatyna görä, halas ediş topary ýörite türgenleşdirilen itleriň kömegi bilen köpriniň galyndysynyň aşagynda galan bolmagy mümkin işgärleri gözleýärler.

Bu wakanyň bolan mahaly, köprüde azyndan 50 işçiniň bardygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG