Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: 'Gizlenen ermeniler' dil açýar


24-nji aprelde Ermenistan I-nji Jahan Urşy döwründe Osman Imperiýasynda ermenileriň gyrylmagynyň 100 ýyllygyny belleýär. Bu waka 20-nji asyryň ilkinji genosidi hökmünde giň derejede ykrar edilýär. Gyrgynçylykda diri galan ermenileriň ençemesi yslamy kabul etdi ýa-da zor bilen türk we kürt medeniýetlerine assimilleşdirildi. Bu senäniň bellenmeginiň öňüsyrasynda AÝ/AR-nyň Ermeni gullugy Türkiýäniň “gizlenen ermenileriniň”, ýagny etnik we dini geçmişini jezalandyrylmakdan heder edip, gizlin saklanlaryň başdan geçirenlerini öwrendi.

XS
SM
MD
LG