Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ştaýnmaýer ÝK-na çagyryş edýär


Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýere degişli syzyp çykan hatda Ýewropa Bileleşigine Ukraina bilen erkin-söwda ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegi dogrusynda “rus aladalanmalaryny” tizden-tiz çözmäge çagyryş edilýär.

Ştaýnmaýeriň Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Paul Ýunkere (Jean-Paul Juncker) ugradan haty Azatlyk Radiosyna hem ugradylyp, onda “praktiki çözgütleri” kesgitlemek üçin Ýewropa Bileleşiginiň, Ukrainanyň we Russiýanyň arasynda üçtaraplaýyn gepleşiklere täzeden başlamaga çagyryş edilýär.

Russiýa Çuň we hemmetaraplaýyn erkin söwda zolagynyň (DCFTA) döredilmegine özüniň garşydygyny beýan edipdi. Gürrüňi gidýän zolak Ýewropa Bileleşigi we Ukraina tarapyndan 2014-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen giň gerimli Assosiasiýa ylalaşygynyň ykdysady özenidir.

Russiýanyň garşylyk görkezýän mahaly soňa goýlan Çuň we hemmetaraplaýyn erkin söwda zolagynyň 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girmegine garaşylýar.

Ştaýnmaýer 2-nji aprelde ugradan hatynda Ýewropa Komissiýasyna “ylalaşygyň hödürleýän ähmiýetli çeýeligini ulanmaga” çagyryş edilýär.

XS
SM
MD
LG