Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus raýatyna 17 ýyl berildi


Russiýanyň sudy bir adamy terroristik hüjümi amala aşyrmaga dildüwşik etmekde günäli tapyp, ony 17 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

24-nji aprelde Moskwanyň regional sudy Robert Amerhanowy terroristik hüjümi planlaşdyrmakda, ýaraglary we partladyjy serişdeleri bikanun saklamakda, banditizmde günäli tapdy we oňa garşy şol güni höküm çykardy.

Bu sud işi bilen baglanyşykly beýleki bir şübheli Ýulaý Dawletbaýew ýanwar aýynda sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Asly Başkortostan regionyndan bolan Amerhanow we Dawletbaýew 2013-nji ýylda Moskwada tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG