Sepleriň elýeterliligi

Bişkek, Daşkent harby parady 7-nji maýa geçirdi


Gyrgyzystan II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 70-nji ýyldönümini bellemek boýunça geçiriljek harby parady 9-njy maýdan 7-nji maýa geçirdi.

Gyrgyz Ýaragly güýçleriniň umumy ştabynyň 24-nji aprelde beren maglumatynda prezident Almazbek Atambaýewiň 8-9-njy maýda Moskwada geçiriljek “Ýeňiş güni” dabaralaryna gatnaşmak üçin çagyrylany sebäpli ýyllyk harby paradyň geçiriljek gününiň üýtgedilendigi bellenilýär.

Bu baradaky maglumat, Gyrgyzystanyň goňşusy Täjigistanyň resmileri prezident Emomali Rahmonyň 8-9-njy maýda Moskwada geçiriljek dabaralara gatnaşjakdygy sebäpli ýurduň harby paradynyň 7-nji maýa geçirilendigi barada mälim etmeginden bir gün soň yglan edildi.

Günbataryň liderleriniň aglabasy Russiýanyň Ukraina goşulyşmagyna protest alamaty hökmünde Moskwada geçiriljek harby paraddan gaýra çekilýärler.

XS
SM
MD
LG