Sepleriň elýeterliligi

Gyzlary Siriýa kim çagyrýar?


Gündogar Türkmenistan, hijably gyz

Gündogar Türkmenistan, hijably gyz

Siriýadaky söweşe gatnaşmaga çakylyk alan täjigistanly gyz boýdaşlaryna hijabyň astyndan janyndan geçenleriň kemerini baglamazlyk babatda hüşgär bolunmagy üçin duýdyryş berýär.

Ýaş gyz sosýal ulgamlarda ýaş ýigitler bilen tanşylýan mahaly aldawa düşüp, hijabyň astyndan janyndan geçenleriň kemerini dakynanyny bilmän galmaz ýaly, diýseň hüşgär we ätiýaçly bolunmagyny maslahat berýär. Özüne Nigina diýilmegini islän gyzyň aýtmagyna görä, şeýle tanyşlygyň birinde ol Siriýa çakylyk alypdyr. Ol özüniň sosial ulgamdaky gaty geň söhbetdeşi bilen eden gürrüňleri hakda halk köpçüligine maglumat beripdir.

Ol ýaş gyz "Biziň sosial ulgamlaryň birindäki söhbetdeşligimiz bary-ýogy ýarym sagat dowam etdi. Şeýle gysga wagtyň dowamynda ol meniň entäk suratymam görmän we meniň hakyky adymam bilmän "aşyk" boldy hem maňa bolan söýgüsini taryp etmäge başlady" diýýär.

Ýaş ýigit onuň bilen baý durmuşda, deňiziň kenarynda, Dubaýda ýaşajakdygyny aýdyp, bir topar süýji wada berip, gyzyň ene-atasy bilen tanyşmagy teklip edipdir. Gyzyň aýtmagyna görä, ýaş ýigidiň näme niýetiniň bardygyny doly öwrenmek üçin, ol ony gara sanawa almandyr.

Nigina onuň sowallaryna jogap berýän mahaly özüniň namaz okamaýandygyny aýdypdyr. Şonda ol ýaş ýigit dine ynanmaýanlar üçin jähennemde garaşýan elhençlikler we dine ynanýanlar üçin garaşýan jenneti durmuş hakda gürrüň bermäge başlap, ýaş gyzy Siriýa çagyrmaga synanşyk edipdir. Bu wakadan soň ol gyz, özi ýaly köp gyzyň şeýle tetelli adamlara ynanyp, öz ýaşaýşyny uly howp astyna düşürýändigi barada netijä gelipdir.

Şondan soň ol gyz boýdaşlaryna, janyna howp abanmaz ýaly, internetde söhbetdeş bolýan adamlary bilen özüni gaty hüşgär alyp barmalydygy barasynda "Honum" atly aýal-gyzlar žurnalynda çagyryş makalasyny çap edipdir. Nigina söhbetdeşlige başlamazdan owal gürleşýän adamyň barasynda has köp jikme-jik maglumat edinmegiň zerurdygyny nygtaýar.

"Söhbetdeşiň sahypasyny çintgiläp öwrenmeli, onuň öz sahypasynda goýýan materiallaryna üns bermeli, onuň dostlarynyň we tanyşlarynyň sahypalaryna hem gowy seredip görmeli. Ana şonda söhbetdeşiň dünýägaraýşy barada ýeterlik maglumat edinip bilersiň. Şonuň ýaly-da, derrew internetde aýdylýan süýji söze, berilýän wadalara we yglan edilen söýgä huşyňy aldyrmaly däl" - diýip, ol öz başdan geçirmelerini gürrüň berýär.

Bu Siriýada jihada goşulmaga edilen çakylyk Täjigistanda bolan ilkinji ýa-da ýeke-täk waka däl. Täjigistan hökümetiniň beýannamasyna görä, täjik ýaşlary esasan "Odnoklassniki", "Waýber" we "Wotsap" ýaly sosial ulgamlaryň üsti bilen Siriýadaky urşa gönükdirilýär.

Golaýda hukuk goraýjy organlar "Waýber" sosial ulgamynda bir ýaş ýigidiniň aldawyna düşip, Siriýa giden Şahnoz Bozorzoda atly bir ýaş gyzyň ýurda dolanyp gelendigini haber beripdir.

Psiholog Zarina Kenjaýewa görä, ekstremistler ylaýtada öz sosial ulgam sahypalarynda durmuşdan umydyny ýitirendigini yglan edýän gyzlary saýlap alýarlar. Ol "Şeýle ruhy ýagdaýdaky gyzlar gaty ynanjaň bolýarlar. Olaryň öz durnukly pikir-parasady we häsiýeti bolmansoň, şeýle aldawa gaty aňsat düşýärler" diýýär.

Synçy Bunafşa Asoýewa, Siriýa gidýän täjik ýaşlarynyň durmuşyny öwrenmek maksady bilen ýörite internetde Siriýa söweşmäge gitmäge taýýardygy barada beren bildirşinden soň, öz maşgalasy we ene-atasy üçin şeýle karardan dänmelidigi babatda käbir adamlardan töwella gelip gowşandygyny bildirýär.

Onuň bellemegine görä, şeýle topara degişli adamlar puşman bolup, yzyna gaýdyp bilmeýän we başga adamlaryň durmuşda şeýle aldawa düşmegini islemeýänler bolmaly. Asoýewa "On adamdan sekiz sanysy öz töwellasynda iň gowy jihadyň özüňi öz ene-ataňa, ýanýoldaşyňa we çagalaryňa bagyş etmeklik bolup durýandygyny nygtadylar" diýýär.

Bilermenlere görä, haýsam bolsa bir sosial ulgam bilimi hem aň-düşünjesi ösen adamlaryň aňyny hiç hili üýtgedip bilmeýär. IT tehnologiýalary boýunça hünärmen bolan Asomiddin Atoýewa görä, jemgyýet hökmany suratda özüniň aragatnaşyk ulgamynyň medeniýetini we sosial ulgamlardaky gatnaşyklaryň derejesini ösdürmeli.

Atoýew "Bu problemanyň düýp sebäbi aragatnaşyk we tehnologiýa medeniýetiniň derejesiniň gaty pesdigi, aragatnaşyk ulgamynyň tehnologiýasy babatda ýörite sosial tälim-terbiýäniň berilmeýändigi. Biz tehnologiýany öz bähbidimize ulanyp bilmeýäris. Munyň deregine jemgyýetde tehnologiýadan gowy peýdalanylmagy barasynda dogry ugry saýlap alman, gaýtam döwrebap IT tehnologiýany tankyt edýäris" diýýär.

Täjigistanda gaty köp adam "Odnoklassniki" we "Feýsbuk" sosial ulgamlary bilen bir hatarda "Waýber" we "Wotsap" ýaly mobil programmalary diýseň ürç edip ulanýarlar.

Siriýa çakylyk alan Niginanyň aýtmagyna görä, sosial ulgamlaryň üsti bilen ýaşlary ekstremizm toparlarynyň hataryna çekýän adamlar o diýen ökde psiholog bolmasa-da, bu ugurda olar biraz tejribä eýe. Olar özlerine gurban hökmünde bagtly durmuşy, maşgalany we söýgini arzuw edýän gögele ýetginjekleri hem gyzlary saýlap alýarlar.

Täjigistanyň hökümetiniň bildirmegine görä, Siriýa we Yrakdaky söweşlerde ýaşy 18 bilen 30-yň arasynda bolan 200-den gowrak ýaş täjik uruşýar. Olaryň käbiri ol ýere öz maşgalasy bilen bilelikde gidipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG