Sepleriň elýeterliligi

Orsýet günä geçýär


Döwlet dumasynyň deputatlary, rus parlamentiniň aşaky öýi 24-nji aprelde Ikinji Jahan urşunda nasistik Germaniýadan üstün çykylmagynyň 70 ýyllygynyň hormatyna tussaglaryň günäsini geçmek baradaky kanuny kabul etdi.

Bu kanun esasynda Ikinji Jahan urşunyň, Owganystandaky sowet urşunyň, beýleki harby konfliktleriň weteranlary türmeden we derňewden boşadylmaly.

Şeýle-de bu amnistiýa ýaş çagalaryň enelerini, maýyplary, göwreli aýallary, ýekelikde çaga terbiýeleýän atalary, rak keselli näsaglary, 18 ýaşdan aşakdaky tussaglary türmeden boşadýar.

XS
SM
MD
LG