Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku tussag hukuklaryny goramaly


BMG-niň adam gynalmagynyň öňüni almak baradaky komissiýasynyň delegasiýasy Azerbaýjanyň häkimiýetlerini “azatlykdan mahrum edilen adamlaryň hukuklaryny goramak babatda has köp iş etmäge” çagyrdy.

Bu komissiýa Azerbaýjanda 16-24-nji aprel aralygynda boldy. BMG-niň beýanatyna görä, ekspertler bütin ýurt boýunça polisiýa stansiýalaryna, deslapky tussag merkezlerine, Milli howpsuzlyk ministrliginiň derňew izolýatorlaryna, türmelere, ruhy hassahanalara, sosial ýardam edaralaryna baryp gördüler.

Dört agzadan ybarat delegasiýa kanun goraýjy resmiler, medisina işgärleri, häkimiýetler, raýat jemgyýetiniň wekilleri, “azatlykdan mahrum edilen” adamlar bilen duşuşdy.

BMG-niň guramasynyň Azerbaýjanyň hökümetine ýörite hasabat gowşurmagyna garaşylýar.

BMG-niň ekspertleri 24-nji aprelde, häkimiýetler olaryň belli-belli ýerlere barmagynyň öňüni alanyndan soň, ýurdy terk etdiler.

XS
SM
MD
LG