Sepleriň elýeterliligi

Makedon hadysasynda 14 migrant öldi


Makedoniýanyň içeri işler ministrligi 23-nji aprelde Weles şäherinde 14 migranty otlynyň kakyp öldürendigini aýdýar.

Metbugat habarlarynda bu wakanyň 50 çemesi migrant darajyk demirýol ulgamynyň boýundan ýöräp barýarka bolandygy aýdylýar.

Ol ýere ýa ýöräp, ýa-da demirýol arkaly baryp bolýan eken.

Sekiz migrantyň tutulandygy we häzir polisiýa stansiýasynda saklanýandygy, emma olaryň uly böleginiň gaçandygy aýdylýar.

Makedoniýanyň döwlet prokuraturasy ol migrantlaryň köpüsiniň Owganystandan we Somaliden gelen adamlardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG