Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan prezidenti derňewe çagyrýar


Owgan prezidenti Aşraf Gani Içeri işler ministrligine BMG-niň maliýeleşdirmeginde polisiýa güýçleriniň korrupsiýasy barada taýýarlanan hasabatyň näme üçin gözden salnandygyny derňemegi buýurdy.

“Roýters” prezidentiň görkezmesiniň bir nusgasyny görendigini ýazýar. Habar gullugy Ganiniň sözçüsine salgylanyp, onuň “Biz hiç bir korrupsiýa eglişik etmeris” diýendigini aýdýar.

BMG-niň maliýeleşdirmeginde çap edilen hasabatyň berýän rekomendasiýalarynyň arasynda şikaýatlaryň derňelmegini bökdeýän resmileriň işden boşadylmagy hem bar.

XS
SM
MD
LG