Sepleriň elýeterliligi

Karaçide zenan aktiwist öldürildi


Karaçide adam hukuklaryny goraýan aktiwist, maşynly barýarka, gapdaldan barýan sürüjiniň tüpeňlemegi netijesinde heläk boldy.

Sabin Mehmud 24-nji aprel güni giçlik öýüne barýarka, näbelli adamlar tarapyndan tüpeňlendi.

Onuň ýanynda ejesi hem bar eken we ol ýaralandy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.”Ikinji gat” atly sahawatlylyk guramasynyň direktory bolan Mehmuda ölüm haýbatlary atylýardy.

“Ikinji gat” kafe hem kitap dükany bolmak bilen, adam hukuklary barada yzygiderli maslahat, söhbetdeşlik guraýardy.

24-nji apreldäki hüjüm Mehmud Bulujystan welaýatyndaky hukuk bozmalar barada söhbetdeşlik geçireninden soň guraldy.

Ýurduň premýer-ministri bu jenaýaty ýazgardy we onuň derňelmegini buýurdy.

XS
SM
MD
LG