Sepleriň elýeterliligi

Nepalda ýer titredi


Nepalyň paýtagty Katmandunyň 80 km çemesi golaýynda 7.8 bal güýjündäki ýer titremesi boldy.

Nepal hökümeti azyndan 688 adamyň ölendigini aýtdy. Resmiler ölenleriň sanynyň köpeljegini duýdurýarlar.

Ýer titremesi 25-nji aprelde, günortana golaý boldy. Habarlarda köp jaýyň, diwarlaryň ýykylandygy aýdylýar.

Bu himalaý döwletinde 81 ýylda bolan iň erbet ýer titremesi hasaplanýar.

“Roýters” habar gullugy Katmandunyň 19-njy asyrda gurlan taryhy Harara diňiniň, beýleki bir topar taryhy ýadygärligiň ýykylandygyny ýazýar.

XS
SM
MD
LG