Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen 'klibi' meşhurlyk gazanýar


Okuwçy gyzlar
Okuwçy gyzlar

Globalvoicesonline.org neşiri türkmenistanly okuwçy gyzlaryň ellerine sübse-beýleki alyp, aýdym aýdan bolup, mobil telefonda düşüren degişme wideo-klibine golaýda YouTubede 50 müňe golaý adamyň tomaşa edendigini habar berýär.

Şeýle-de bu neşir türkmen häkimiýetleriniň okuwçy gyzlaryň degişme-wideosy boýunça derňew geçirip, okuwçylaryň mobil telefonlaryny konfiskasiýa edýändigi barada habar ýaýrandygyny ýazýar.

«Bu klibiň aýby ýok, belki-de biraz pitneçil, gülkünç» diýip, "Dünýä sesleri" neşiri Türkmenistandaky ýaşlaryň, klipdäki aýdymda aýdylyşy ýaly, dünýäniň başga ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen «bir howadan dem alyp» bilmeýändiklerine, ýagny o diýen erkin ýaşamaýandyklaryna ünsi çekýär.

«Bu ýurt Özbegistan, Demiragzyk Koreýa, Zimbabwe, Saud Arabystany we beýlekiler ýaly, saýlama repressiw döwletleriň hataryna girýär» diýmek bilen, neşir Türkmenistanyň 2004-nji ýylda “Economist» neşiriniň Dünýäniň ýaşamak üçin iň erbet ýerler barada düzen sanawyna girizilendigini ýatladýar.

Şeýle-de bu neşir, Azatlyk radiosyndan alnan fotosuraty çap edip, Türkmenistanda mekdepde okaýan gyzlaryň hem döwlet telewideniýesiniň zenan diktorlary ýa-da Ministrler kabinetiniň zenan agzalary ýaly, milli egin-başlary geýmäge borçly edilýändigini ýazýar.

XS
SM
MD
LG