Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: Çaknyşykda 27 adam öldi


Ýemende üartyň aýaklaryna dörän konfliktde 1 müňden gowrak adamyň öldürilendigi çaklanylýar.

Ýemende üartyň aýaklaryna dörän konfliktde 1 müňden gowrak adamyň öldürilendigi çaklanylýar.

Ýemeniň günortasynda şaýy jeňçileri bilen ýurduň prezidenti Abd-Rabuu Mansur Hadiniň tarapdarlarynda arasynda çaknyşyk ýüze çykdy. Wakada azyndan 27 adam öldürildi.

Fransiýanyň “AFP” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Daleh şäherinde bolan çaknyşyklarda Hadiniň tarapdarlaryndan dört adam, şaýylaryň huthi jeňçilerinden hem alty adam heläk bolupdyr.

Gündogardaky Loder şäherinde Hadi tarapdary ýaragly adamyň amala aşyran raketa hüjüminde dokuz jeňçiniň öldürilendigi hem habar berilýär. Şol bir wagtda, Aden şäherinde hem agyr çaknyşyklaryň dowam edýändigi aýdylýar.

Bu aralykda, huthileriň pozisiýalaryna saudlaryň ýolbaşçylygyndaky howa hüjümleri hem dowam edýär.

Martyň aýaklaryna dörän bu konfliktde häzire çenli 1 müňden gowrak adamyň, şol sanda 115 çaganyň hem öldürilendigi çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG