Sepleriň elýeterliligi

Bedew baýramynyň "esasy wakasy"


Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy - Kerimguly öz ýeňişini gutlaýar.Türkmen telewideniýesinden alnan şekil.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy - Kerimguly öz ýeňişini gutlaýar.Türkmen telewideniýesinden alnan şekil.

Ýurtda Türkmen bedewiniň baýramy tamamlanýar. Her ýylyň aprel aýynyň ahyrky ýekşenbe güni bellenilmeli bu baýramçylyk eýýäm aprel aýynyň ilkinji günlerinden bellenilip başlanýar. Bu baýramçylyk mynasybetli ençeme köpçülikleýin çäreleri, baýramçylyk dabaralary, maslahatlardyr halkara konferensiýasy we sergisi geçirilýär.

Bu baýramçylygyň esasy çäreleri bolsa anna, şenbe we dynç günleri geçirildi. Anna güni Ahalteke atçylyk sport toplumynda bedew baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu çärede Türkmenistanyň prezidentine Aşgabat we welaýat wekilleri ahalteke atlaryny sowgat berdiler.

“Esasy waka”

Şenbe güni bolsa paýtagtyň atçylyk sport toplumynda ýetginjekleriň arasynda at çapyşygy geçirildi. Bu çapyşykda prezidentiň agtygy Kerimguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Türkmen telewideniýesiniň Watan programasynda görkezilen reportaždan çen tutsaň Bedew baýramynyň şol günki "esasy wakasy" prezidentiň agtygynyň ýeňişi bolupdyr.

Türkmen telewideniýesinde tomaşaçylaryň prezidentiň agtygyny gutlap, onuň adyny gegyryp, Kerimgulyny alkyşlaýan pursatlaryny hem synlasa bolýar.

Wideo: Prezidentiň agtygy ýeňiji boldy (Türkmenistanyň resmi mediasyndan alnan şekiller)

Bu çapyşykda prezidentiň agtygy Kerimguly Dowamat atly atda çykyş edipdir. Bu aty onuň atasy Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow seýisläpdir.

Şu gün bolsa bedew baýramy Gökderedäki halkara atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşygy we baýramçylyk dabarasy bilen tamamlanar. Bu dabara hem düýnki ýetginjekleriň at çapyşygy ýaly diňe mekdep okuwçylary, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri tomaşa etmäge goýberilýär.

Tomaşaçylar

Müňlerçe ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we býujet edaralarynyň işgärleri dynç günlerini paýtagtyň aýlawlarynda geçirdiler. Ençeme sagat dowam edýän bu çäreler olar bu çärä gatnaşjak prezidentden birnäçe sagat öň barmaly bolýarlar.

Şol bir wagtda hem adaty tomaşaçylar bu iki atçapyşygyna goýberilmändir. Düýn, şenbe güni Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň golaýyna ne pyýadalar ne-de awtoulaglar baryp bilýärdiler.

Mundan başga-da, paýtagtyň Türkmenbaşy, Magtymguly we ýene-de bir-iki sany köçeleri ýapyldy ýa-da pyýada we awtoulag hereketi çäklendirildi. Şu gün hem paýtagtyň günortasyndaky Köpetdag prospekti ir bilen beklendi.

Bedew baýramy Türkmenistanda 1992-nji ýylda esaslandyrylyp, ol her ýylda bellenilip geçilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG