Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda prezident saýlanýar


Gazagystanda prezidentlik saýlawlary geçirilýär
Gazagystanda prezidentlik saýlawlary geçirilýär

Ýekşenbe güni gazagystanlylar ýurduň nobatdaky prezidentini kesgitlemek üçin saýlaw uçastoklarynda ses berdiler. Resmileriň ýurtdaky oppozisiýa basyş we azat media berk gözegçilik etmegi netijesinde, ýurduň häzirki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň bäşinji möhlete prezident saýlanmagyna garaşylýar.

74 ýaşly Nazarbaýew Gazagystana 25 ýyl töweregi baştutanlyk edip gelýär.
Nazarbaýew öz sesini berenden soň: “Men gazaklaryň durnukly bir döwlete we meniň ýolbaşçylygymda durmuşa geçirilip başlanan çärelere ses berjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Nazarbaýew ses berdi
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:01:49 0:00

Prezidentlige dalaş edýän beýleki iki kandidatyň şahsyýetleri onçakly tanalyp hem duranok. Olaryň emeli bäsdeşligi döretmek üçin prezidentlik saýlawlaryna gatnaşdyrylýandygy baradaky çaklamalar hem orta atylýar.

Prezidentlige dalaş edýänleriň biri – 68 ýaşly Turgun Syzdykow. Ol ýurduň Kommunistik partiýasyna wekilçilik edýär.

Kandidatlaryň beýlekisi – 63 ýaşly Abelgazy Kusaýinow. Ol mundan ozal ýurduň käbir ministrliklerinde işläp, häzirki wagt Gazagystanyň Söwda bileleşikleriniň federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Saýlaw uçastoklaryny Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-da ýapmak planlaşdyrylýar.

Gazagystanlylar ses berýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Gazagystan 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alandan bäri, Nazarbaýew ýurdy çäkli oppozisiýa şertlerinde dolandyryp gelýär.

Ozalky demir işgäri Gazagystanda bazar reformalaryny geçirip, ýurda 200 milliard dollar möçberinde daşary ýurt sermaýasyny çekmegi başardy. Ol Gazagystany ozalky sowet giňişliginiň çägindäki ikinji uly ykdysadyýete öwürdi.
Tankytçylar ony häkimiýetini berkitmek üçin, ýurtda dissidentleri gysandygyny, azat media basyş edendigini we konstitusiýasyny “bikanun” üýtgedendigini öňe sürýärler.

Nazarbaýewiň garşydaşlarynyň we oppozisiýa wekilleriniň köpüsi ýurdy terk etmäge mejbur bolupdylar. Olaryň käbiri çylşyrymly ýagdaýlarda ýa öldürilipdi ýa-da heläk bolupdy.

Gazagystanda indiki prezidentlik saýlawlary 2016-njy ýylda geçirmek planlaşdyrylýardy, emma Nazarbaýewiň ýolbaşçylygyndaky Milli Geňeş ony şu ýylyň 26-njy apreline geçirmegi karar etdi.

XS
SM
MD
LG