Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Hüjümde bäş adam öldi


Owganystanyň resmileri Zabul welaýatyndaky bir öýde bombanyň partlamagy netijesinde parahat ilatdan bäş ýaşaýjynyň öldürilendigini habar berýärler.

Zabul welaýat geňeşiniň başlygy Atta Jan özüniň 27-nji aprelde beren maglumatynda Şinhaý etrabynda gijäň ýary partladylan bombanyň netijesinde ölenleriň arasynda bir aýalyň we iki çaganyň hem bardygyny aýtdy.

Bu aralykda, “Talyban” hereketi ýurduň polisiýasyny, armiýasyny we gizlin gulluklarynyň resmilerini nyşana almak arkaly, özüniň ýazky hüjümlerine başlaýandygyny mälim edenden üç gün soň, demirgazykdaky Gunduz welaýatynda owgan polisiýasy bilen “Talybanyň” arasynda çaknyşyklar dowam edýär.

Gunduz welaýatynyň häkimi Omer Safi bu çaknyşyklaryň dowamynda iki tarapdan hem adam ýitgileriniň bolandygyny aýtdy, emma ol bu barada takyk maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG