Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli üç zenan türme tussaglygyna höküm edildi


Orsýetli üç ýaş zenan II Jahan urşunyň ýadygärliginiň golaýynda twerking tans hereketlerini ýerine ýetirip, döreden wideo ýazgysy üçin gysga möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

25-nji aprelde Gara deňziniň golaýyndaky Noworossisk şäheriniň etrap sudy bäş zenany huligançylykda günäli tapdy.

Sud zenanlaryň birini 15 gün, ikisini 10 bilen 20 gün aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi. Zenanlaryň beýleki ikisine pul jerimesi salyndy.

Bu sud diňlenişigi Russiýanyň derňewçileri ýadygärligiň golaýynda zenanlaryň bir toparynyň twerking, ýagny prowokatiw tans hereketlerini ýerine ýetirýändigini görkezýän meşhur wideo barada derňewleri başladandan iki hepdä golaý wagt soň geçirildi.

Prokurorlar “erotik we seksual twerk tans hereketleri” II Jahan urşy döwründe söweşenleriň hatyrasyna hormatsyzlyk görkezdi diýdiler.

Şeýle-de, resmiler wideoda tans edýän ýetginjek ýaşyna ýetmedik gyzyň ene-atasynyň hem derňeljekdigini bellediler.

XS
SM
MD
LG