Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Eýranly Ermenistana gaçdy


Russiýanyň häkimiýetleri bir eýranly esgeriň Eýranyň armiýasynda dini diskriminasiýanyň bardygyny öňe sürüp, Ermenistana gaçyp gelendigini habar berýärler.

Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugynyň 27-nji aprelde beren maglumatyna görä, 1992-nji ýylda doglan esger 25-nji aprelde ermeni-eýran serhedini bikanun geçen mahaly tussag edilipdir.

Ermenistanyň Eýran we Türkiýe bilen serhedi Russiýanyň 4 500 çemesi serhet gullukçysy tarapyndan goralýar. Gürrüňi gidýän bu rus serhet gullukçylary Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugynyň bir bölegidir.

Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugynyň berýän maglumatyna görä, şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýän eýranly esger özüniň hristian bolany üçin ýurtdaky musulman esgerler tarapyndan diskriminasiýalara sezewar edilendigi sebäpli Ermenistana gaçyp gelendigini aýdypdyr.

Russiýanyň serhet gullukçylary eýranly esgeri Ermenistanyň derňewçilerine tabşyrdylar.

XS
SM
MD
LG