Sepleriň elýeterliligi

Iki täjik ofiserine kaýinç berildi


Täjigistanly iki polisiýa ofiserine musulmanlary öz sakallaryny syrmaga mejbur edeni üçin käýinç yglan edildi we eger musulmanlar tarapyndan olara garşy şikaýatlar dowam etse, onda olaryň has berk netijeler bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy barada duýduryş berildi.

Täjigistanyň içeri işler ministriniň orunbasary Ikrom Umarzodanyň 27-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Sugd regionyndaky ýerli ýaşaýjylar hukuk goraýjy organyň iki ofiseriniň öz sakallaryny syrmaga mejbur edendigi barada şikaýat edensoň, olara resmi taýdan käýinç berilipdir.

“Biz regional polisiýa departamentlerine ýerli ýaşaýjylar bilen ekstremizm barada gepleşikleri geçirmegi tabşyrdyk, ýöne olara ilat bilen güýç we basyş arkaly iş alyp barmaga çagyryş etmedik” diýip, Umarzoda aýtdy.

Täjigistanda polisiýa ofiserleriniň musulmanlara öz sakallaryny syrmaga basyş edýändigi barada maglumatlar artýar.

XS
SM
MD
LG