Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG: Gazak saýlawçylarynyň çäkli mümkinçilikleri boldy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Gazagystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda öz pikiriňi erkin beýan etmek mümkinçiliginiň çäklendirilmegi we hakyky oppozisiýanyň ýetmezçilik etmegi sebäpli, gazak ses berijileriniň saýlap-seçmäge çäkli mümkinçilikleriniň bolandygyny habar berýär.

ÝHHG-nyň Demokratiýa institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň saýlawlara gözegçilik edýän missiýasynyň başlygy Kornelia Ýonker (Cornelia Jonker) 27-nji aprelde beren maglumatynda Gazagystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda “ynamdar oppozisiýanyň” ýetmezçilik edendigini aýtdy.

27-nji aprelde Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy mundan bir gün öň geçirilen saýlawlarda ýurduň häzirki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň sesleriň 97,7%-ni alyp, bäşinji möhlete prezident saýlanandygyny yglan etdi.

Ýunker ýurduň “häzirki prezidentiniň we onuň syýasy partiýasynyň syýasata agalyk edýändigini” aýdyp, “ses berijilere syýasy alternatiwalaryň arasynda hakyky saýlap-seçmek mümkinçiliginiň hödürlenmändigini” belledi.

XS
SM
MD
LG