Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan bagtyýarlykda 70-nji orunda


Gyz we oglan çaga.

Gyz we oglan çaga.

Golaýda 2015-nji ýylda dünýäniň dürli döwletlerindäki ilatyň bagtyýarlyk derejesini görkezýän hasabat köpçüligiň dykgatyna ýetirildi.

BMG-niň “Yzygiderli ösüşi synlaýan” toparynyň 23-nji aprelde çap eden “Dünýädäki bagtyýarlyk” hasabatyna görä, Türkmenistan 158 ýurduň arasynda 70-nji orny eýeläpdir.

Bu ýurtlaryň öz ilatynyň kesgitlemesine görä, bagtyýarlykda Eýran agzalan hasabatda 110-njy, Gürjüstan 130-njy, Ermenistan bolsa 127-nji orunda durýarlar. Türkiýe ilatyň bagtyýarlyk derejesi boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda 76-njy orny eýeleýär.

Ozalky sowet respublikalaryndan bagtyýarlyk boýunça Özbegistan bu hasabatda 44-nji, Moldowa 52-nji, Gazagystan 54-nji, Belarus 59-njy, Russiýa 64-nji, Azerbaýjan 80-nji, Gyrgyzystan 77-nji, Täjigistan 106-njy, Ukraina bolsa 111-nji orny eýeleýärler.

Hasabata görä, 2015-nji ýylda dünýäniň iň bagtyýar ýurdy Şweýsariýadyr.

Hasabatda ilkinji on orny eýeleýänler, ynha, şu ýurtlar: Şweýsariýa, Islandiýa, Daniýa, Norwegiýa, Kanada, Finlandiýa, Niderlandiýa, Şwesiýa, Täze Zelandiýa we Awstraliýa.

Hasabatyň ahyrky orunlaryny eýelän ýurtlar bolsa: Ruanda, Benin, Siriýa, Brundi we Togo.

Hasabat üçin barlagy BMG-niň baştutanlygynda Amerikanyň Kolumbiýa uniwersitetinde iş alyp barýan “Ýer instituty” geçiripdir.

Bu hasabat dünýä boýunça ähli döwletleriň we sebitleriň öz ilatynyň bagtyýarlygy üçin alyp barýan işleriniň derejesini görkezýär.

Gürrüňi gidýän hasabatda ýurtlaryň ykdysady, syýasy, sosial, saglygy saklaýyş we beýleki ugurlardaky ösüşleri göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG