Sepleriň elýeterliligi

'Gazak saýlawlarynda erkinlik kemlik etdi'


Kornelia Jonker, 27-nji aprel, 2015.

Kornelia Jonker, 27-nji aprel, 2015.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Gazagystanda prezident Nursoltan Nazarbaýewiň häkimiýet başyndaky möhletini uzaldan saýlawlarda ses berijileriň söz azatlygynyň çäklendirilendigini we hakyky oppozisiýanyň bolmandygyny belledi.

ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň saýlawlardaky synçylar missiýasynyň ýolbaşçysy Kornelia Jonkeriň 27-nji aprelde Astanda žurnalistlere aýtmagyna görä, Nazarbaýewiň sesleriň 97.7%-i alandygy barada yglan edilen saýlawlarda “ynam ederlik oppozisiýanyň” bolmandygyny aýtdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Kuandyk Turgankulow Nazarbaýewiň ýeňiş gazanjagyna şübhe bolmandy diýdi we ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň resmi taýdan 95.22% bolandygyny jar etdi.

Nazarbaýew Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň yglan eden resmi sanlary barada degşip çykyş etdi. Nazarbaýew 27-nji aprelde geçiren metbugat konferensiýasynda “synçylaryň, kanunçykaryjylaryň we dürli ýurtlaryň wekilleriniň” öňünde saýlaw netijeleriniň “super-demokratik ýurtlar üçin kabul ederlikli” görnüşde bolmandygy üçin ötünç soraýaryn diýdi.

Emma Nazarbaýew “men hiç zat edip bilmeýärin” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi we muňa, ýagny ses berişlige goşulmaklyk “demokratiýa ters gelýän ugurdan hereket etmek bolardy” diýdi.

Nazarbaýew gazaklar “Gazagystanyň syýasy medeniýetiniň bütewüligini, jogapkärçiligini tutuş dünýä görkezdi” diýdi.

Emma ÝHHG-niň resmisi Jonker prezidentiň we onuň syýasy partiýasynyň syýasatda täsirini saklaýandygyny we “ses berijilere hakyky syýasy alternatiwanyň” hödürlenmändigini aýtdy.

“Saýlaw güni, umuman, guramaçylykly tertipde geçdi, emma ses berişligiň, ses sanalmagynyň we netijeleriň jemlenmeginiň dowamynda kemçilikler we bärden gaýtmalar hasaba alyndy” diýip, Jonker bu ugurdan eden çykyşynda nygtady.

Ol Gazagystanda hökümeti tankyt eden ençeme meşhur adamlaryň tussag astynda saklanýandygyny ýa-da başga ýerde syýasy bosgunlykda ýaşaýandygyny belledi.

Jonker beýleki dalaşgärleriň Nazarbaýewiň üstünliklerini açyk goldandyklaryny belledi.

ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasy özlerine saýlawçylardan saýlaw kampaniýasyna gatnaşmak we Nazarbaýewe ses bermek babatynda özlerine basyş görkezilendigi barada maglumatlaryň gowşandygyny aýtdy. Şeýle-de ol goşmaça saýlaw býulletenleriniň goşulmagy bilen bagly 46 wakanyň, adamlaryň bir gezekden köp ses bermeginiň we beýleki çynlakaý bidüzgünçilikleriň hasaba alnandygyny belledi.

Jonker media azatlygynyň we söz azatlygynyň “güýçli çäklendirilmelere” sezewar bolandygyny belledi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň synçylary Günbataryň bäsdeşligiň kemçilik edendigi baradaky aladalanmalaryny ret etdiler we, Orsýet bilen gowy gatnaşyk saklaýan beýleki postsowet ýurtlaryndaky saýlawlarda bolşy ýaly, Gazagystandaky saýlawlara oňyn baha berdiler.

XS
SM
MD
LG