Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasy orbita ýetdi


Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasy orbita ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasy 27-nji aprelde Floridadaky Cape Canaveral howa güýçleri stansiýasyndan "SpaceX" atly kompaniýanyň adamsyz raketasy arkaly kosmosa uçuryldy.

“Thales Alenia Space” kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, “TurkmenAlem52E” ady bilen tanalýan emeli hemra arkaly Merkezi Aziýada, Ýewropada, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada 1,2 milliarddan gowrak adama telewideniýe gepleşiklerini we beýleki hyzmatlary hödürlemek mümkinçiligi bar.

“Emeli hemranyň uçurylmagy Türkmenistanyň kosmos döwleti bolmagy ugrundaky ilkinji möhüm ädimdir” diýip, “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň prezidenti we ýerine ýetiriji başlygy Jean Loic Galle “SpaceX” websaýtynda çap edilen wideoda belledi.

“TurkmenAlem52E” atly emeli hemra, düýbi Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän “SpaceX” ady bilen tanalýan “Space Exploration Technologies” kompaniýasy tarapyndan kosmosa uçurylan 18-nji emeli hemradyr.

XS
SM
MD
LG