Sepleriň elýeterliligi

Abe Moskwada geçiriljek dabara gatnaşmaýar


Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe II Jahan urşunyň tamamlanmagynyň 70-nji ýyldönümi mynasybetli 9-njy maýda Moskwa geçiriljek resmi dabara gatnaşmaýar.

Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň ýokary derejeli sekretary Ýoşihide Suga 28-nji aprelde geçiren metbugat ýygnagynda gürrüňi gidýän dabara ýurduň premýer-ministriniň deregine Ýaponiýanyň Russiýadaky ilçisiniň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Ýaponiýa Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini ýurda sapar etmäge çagyrypdy, emma bu sapar gündogar Ukrainadaky konflikt zerarly soňa goýlupdy.

XS
SM
MD
LG