Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Müňlerçe polisiýa ýerleşdirildi


Birleşen Ştatlaryň günortasyndaky Baltimore şäherinde polisiýanyň tussaghanasynda ýaralanyp öldürilen garaýagyz adamyň jaýlanyş dabarasynyň yzýany dörän ýowuzlyklary basyp ýatyrmak üçin Milli gwardiýanyň müňlerçe goşuny we polisiýa işgärleri ýerleşdirildi.

Maryland ştatynyň häkimi Larry Hogan şäheri bulam-bujarlyga öwüren gozgalaňlardan soň, adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

27-nji aprelde 25 ýaşly Freddie Graýiň jaýlanyş dabarasynyň yzýany, pitneçiler dükanlary talap, jaýlary we ulaglary otladylar. Mundan bir hepde öň Freddie Graý tussag edilenden soň, ýagyrnyndan ýaralanyp aradan çykypdy.

Baltimore şäherinde polisiýa pitneçileri dükanlardan we söwda merkezlerinden daşlaşdyrmaga synanyşan mahaly, azyndan 15 polisiýa ofiseri ýaralandy we 25-den gowrak adam tussag edildi.

XS
SM
MD
LG