Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýa: Ýaragly adam ofiseri öldürdi


Bosniýanyň polisiýasynyň metbugat wekili “Allahu Akbar” diýip gygyran ýaragly adamyň 27-nji aprelde Zwornik şäherçesindäki polisiýa merkezine hüjüm edendigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, ýaragly adam atylyp öldürilmezden öň, bir polisiýa ofiserini öldürip, başga-da ikisini ýaradar edipdir.

“Hüjümçi polisiýa merkezine girip, ot açyp başlady. Munuň netijesinde bir polisiýa ofiseri öldi, başga-da iki sanysy ýaralandy” diýip, Bosniýanyň polisiýasynyň metbugat wekili Aleksandra Simoýlowiç aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Bosniýanyň howpsuzlyk ministri Dragan Mektiç ýaragly adamyň binanyň içine awtomat tüpeň bilen girendigini we polisiýa bilen bolan ok atyşykda öldürilendigini aýtdy.

Zwornik şäheri Bosniýanyň serbleriň agalyk edýän awtonom regionynda, ýagny Serb respublikasynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG