Sepleriň elýeterliligi

Gunduzda güýçli çaknyşyklar boldy


Owganystanyň häkimiýetleri ýurduň Gunduz welaýatynda howpsuzlyk güýçleri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda güýçli çaknyşyklaryň bolandygyny habar berýärler. Bu waka ýurduň demirgazygyndaky bu welaýatda söweşijiler tarapyndan giň gerimli hüjümleriň amala aşyrylýan wagtyna gabat geldi.

Resmiler ençeme söweşijiniň Gunduz welaýatyndaky armiýa we polisiýa barlag nokatlaryna hüjüm edendigini habar berýärler. Bu welaýatyň häkimi söweşijileriň welaýatyň takmynan 40%-ne kontrollyk edýändigini aýtdy.

Gunduz welaýatynyň häkimi Omer Safiniň 27-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren maglumatyna görä, bu welaýatyň “bäş uly etrabynda 3 müň çemesi söweşiji göreşýär” we “Talyban” hereketi öz ünsüni ýurduň günortasyndan demirgazyga geçirene meňzeýär.

XS
SM
MD
LG