Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýazyjy Esen Ataýew aradan çykdy


"Kitap okan gullar magnydan dokdur." Magtymguly
"Kitap okan gullar magnydan dokdur." Magtymguly

Şu gün, 28-nji aprelde tanymal türkmen ýazyjysy Esen Ataýew 70 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Ol 1945-nji ýylda, belarus topragynda dünýä indi, sebäbi onuň kakasy 1930-njy ýyllarda baý-kulakçylyga çekilip, günorta Ukraina sürgün edilipdi. Bu maşgala uruşdan soň belarus topragyna göçüp barypdy.

Esen Ataýew Türkmenistanda ýokary bilim alyp, uzak ýyllar mugallymçylyk etdi, neşirýatda işledi we esasan taryhy temadan eser ýazdy. Emma onuň eserleri Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik eden ýyllarynda girizilen gara sanaw zerarly 20 ýyl çemesi wagt okyjylara ýetirilmedi.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew öz galamdaä ýoldaşy barada maglumat berip, onuň jaýynyň jennetden bolmagyny, eserleriniň bolsa hak eýelerine - okyjylara ýetmegini arzuw etdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:27 0:00

XS
SM
MD
LG