Sepleriň elýeterliligi

Duşenbe güni Apple kompaniýasy Wall Street Journalyň girdeji we düşewünt çaklamalaryny “derbi-dagyn” etdi. iPhone-lar ilkinji gezek Hytaýda Birleşen Ştatlardakydan köp satyldy. Munuň netijesinde Hytaý iň köp iPhone satýan ýurt bolup, ikinjiligi Birleşen Ştatlar eýeledi.

Hytaýda iPhone mobil telefonlarynyň satuwy 71% artyp, onuň girdejisi 16 million amerikan dollaryndan hem geçdi. Bu görkezijiniň emele gelmegine Hytaýda Täze Ýyl baýramçylygy mynasybetli alnan sowgatlar hem itergi berdi.

Umumylykda, Apple şu ýylyň ilkinji 3 aýynda 61 milliondan gowrak iPhone-yň satylandygyny mälim etdi. Bu hem geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 23% köpdir.

Mundan bäş gün öň, Hytaýda Apple sagatlary hem satuwa çykaryldy.

XS
SM
MD
LG