Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: "Roshen"-iň emläkleri ele salyndy


Russiýanyň häkimiýetleri ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň eýeçiligindäki süýji kompaniýasynyň Orsýetiň Lipetsk atly şäherindäki zawodynyň birnäçe emlägini ele saldylar.

Poroşenkonyň “Roshen” atly kompaniýasy özüniň 28-nji aprelde beren maglumatynda Russiýanyň häkimiýetleri “kompaniýanyň öz emlägini Russiýada satmagynyň öňüni almak üçin mümkin bolan ähli çäreleri görýärler” diýilýär.

Poroşenko maý aýynda geçiriljek saýlawlaryň öňýanynda, “Roshen” atly kompaniýasyny satjakdygyna wada beripdi.

Agzalýan kompaniýanyň Orsýetiň Lipetsk şäherindäki zawodynyň başlygynyň orunbasary Oleg Kazakow özüniň 28-nji aprelde beren maglumatynda, käbir emläkleriň ele salnandygyna garamazdan, zawodda önümçiligiň dowam etjekdigini aýtdy.

“Roshen” kompaniýasy bahasy 38 million amerikan dollaryndan gowrak bolan emläkleriň ele salynmagyny şikaýat etjekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG